Fransiýada täzelenen hökümet işe başlady

Fransiýada düzümi täzelenen hökümet resmi taýdan öz işine başlady. Ministrler Kabinetiniň ilkinji maslahatynda Prezident Emmanuel Makron ýurtda dörän çökgünlik ýagdaýynyň üstünlikli ýeňip geçiljekdigine ynam bildirdi.

Enmmanuel Makron ýurduň Premýer-ministri Elizabet Borna doly ynam bildirýändigini ýene bir gezek belläp geçdi. Esasy ministrleriň hemmesi diýen ýaly (maliýe, içeri işler, daşary işler, goranmak, adalat we zähmet) ozalky wezipelerinde galdylar, ýöne täze şahslar içerki syýasatyň pudaklaryna gözegçilik ederler.

Hususan-da, Žane Kasteksiň döwründe hökümetiň resmi wekili bolup işlän 34 ýaşly Gabriel Attal bilim ministri wezipesine bellendi. Saglygy goraýyş ministrligine pandemiýa döwründe Il-de-Frans şäheriniň lukmançylyk edaralaryna gözegçilik eden Orelýan Russo ýolbaşçylyk eder. Jemi sekiz täze ministr we döwlet sekretary hökümetiň düzümine girdi.

Ýene degişli makalalar

Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy bellendi
Elektron çilimleriň satuwy gadagan edildi
Transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň öňüni almakda ýaşlaryň möhüm orny
Fransiýanyň Premýer-ministri Attal Wezipesinden Çekildi
Fransiýanyň hökümet başlygy Attal iş başyndan gitmekçidigini yglan etdi
Fransiýada hökümet başlygy işinden gider