Fransiýada sygyr eýeleriniň goňşularyna arz-şikaýat etmegi gadagan edýän täze kanun peýda boldy diýip, MIR 24 habar berýär. Ýagny indiden beýläk ýurtda sygyrlar tebigy hukuklary bolan molamaga hem-de özlerine mahsus ysly bolmaga kanuny hukuk aldylar.
Ýurduň ýustisiýa ministri Erik Dýupon-Morettiniň sözlerine görä, oba ýerlerine göçüp barýan şäherliler indi obalylardan arassa bolmagy, sygyrlarynyň molamazlygyny hem-de olary tebigy ysyndan saplamagy talap edip bilmezler.
Munuň sebäbi Fransiýanyň birnäçe ýerlerinde şäherliler bilen obalylaryň arasynda hut sygyr molamasy bilen baglylykda düşünişmezlikler döredi. Munuň sebäbi şäheriň gohundan ýadap, oba dynç almaga gelýänler ýerli sygyrlaryň molaýandygyndan hem-de ýakymsyz ysyndan polisiýa nägilelik bildirdiler.
Emma indi täze kanun bu meseläni çözdi diýip, New York Post gazeti ýazýar.