Fransiýanyň häkimiýetleri mart aýyndan başlap ýurduň käbir sebitlerinde gyşyna ygalyň az düşendigi sebäpli suwuň ulanylyşyna çäklendirme girizýärler. Bu gyş 1959-njy ýyldan bäri iň az ygal düşen pasyl boldy diýip, ekologik özgertmeler ministri Krostof Beşuwyň beýanatyna salgylanýan Reuters habar berdi. Bu barada Belta.by saýty ýazýar.
Ministr çäreleriň tomus aýlarynda has kynçylykly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin görülýändigini belledi. Ol şeýle-de howuzlaryň suwdan doldurylmagynyň hem gadagan edilip bilinjekdigini ýatlatdy. Ýurduň günortasyndaky munisipalitetleriň 87-sinde suwuň ulanylyşyna çäklendirmeler hereket edýär, olar ilkinji nobatda suwaryş işleri bilen baglydyr.
Fransiýanyň Meteo-France milli meteorologik edarasy 21-nji ýanwar — 21-nji fewral aralygynda ýurtda ygalyň 1 mm-den az möçberde düşendigini habar berdi. Öňdäki üç aýda ygalyň näderejede düşjekdigi tomusda derýalaryň suw üpjünçiliginiň nähili boljakdygyny kesgitlär.
Galyberse-de, häzir Pireneý we Alp daglyklaryndaky gar düşegi Fransiýanyň ýerasty suw gorlarynyň dolmagy üçin gerek bolan derejeden azdyr. Şunuň bilen baglylykda, hünärmenler ýazda we tomusda derýalaryň suwunyň peselmegine hem-de gidroelektrik energiýasynyň az işlenip çykarylmagyna garaşýarlar.
Guraklyk häzir Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda, şol sanda Italiýada hem hasaba alyndy, bu ýurtda derýalaryň suwy bolmaly kadanyň 61 göterimine deňdir.