Fransiýada polisiýa işgäriniň bir ýetginjegi öldürmeginden soň başlan protestler dowam edýär

Fransiýada polisiýa işgäriniň bir ýetginjegi öldürmeginden soň başlan protestler dowam edýär

Fransiýada Polisiýa gullugynyň işgärleriniň bir ýetginjegi öldürmeginden soň başlan protestler dowam edýär.

Düýn gije Nanter şäherinde geçirilen protestleriň çäginde 49 adam göz tussaglygyna alyndy. Protestleriň başlan güni bolan 27-nji iýundan bäri göz tussaglygyna alynanlaryň sany 3 müň adama golaýlady.

Neýi-sur-Marn şäherinde hem polisiýa işgärleri protestçilere garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.

Lion şäherinde hem polisiýa işgärleri aşa sagjy topary gözüňi ýaşardýan gaz ulanyp dargatdy.

Prezident Emmanuel Makron, ýurtdaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin aralarynda Premýer ministr Elizabet Born, Içeri işler ministri Jerald Darmanin hem bolan ýolbaşçylar bilen Pariždäki Ýeliseý köşgünde duşuşyk geçirdi.

Makron maslahatda ministrlere ýurda tertip-düzgüniň ýola goýulmagy üçin ähli zadyň edilmegi babatynda görkezme berdi, Fransiýada nämeleriň başdan geçirilýändigine göz ýetirilmegi üçin uzak möhletleýin derňewleriň geçirilmegini isledi.

Ýurtda protest aksiýalar dowam edýärkä, Nael M. atly ýetginjegiň enesi Nadia Fransiýanyň telewideniýesinde protestçilere asuda bolmaklary barada çagyryş berdi.

Fransiýanyň polisiýa işgärleri 27-nji iýunda Nanter şäherinde içinde 3 adam bolan ulaga ot açypdy, ulagyň 17 ýaşyndaky sürüjisi Nael M. wakada ýogalypdy.

Nael M atly ýetginjegiň öldürilmegine nägilelik bildiren adamlar ýurguň tapawutly şäherlerinde köçä çykyp polisiýa işgärleri bilen çaknyşmaga başlapdylar.

Ýetginjegi öldüren polisiýa işgäri wezipesinden çetleşdirildi we tussaglykda saklanmagy barada karara gelindi.

Mundan başgada Pariž, Marsel, Lion bilen birlikde ýurduň ençeme şäherinde geçirilýän protestlerde talaňçylyk we ogurlyk wakalary başdan geçirilipdi, 10-a golaý şäherde ýerli wagt bilen sagat 21:00-dan başlap köçä çykmak gadagan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Fransiýadaky protestler dowam edýär
Fransiýadaky protestler dowam edýär
Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy bellendi
Ýylyň jemleri 2024: Syýasy üzňelik, dymyşlyk we doňaklyk ýadawlygy özgeriş teşneligi bilen ýugruldy
ABŞ-da, Ysraýylyň Hüjümlerine Garşy Protest Ýörişi Geçirildi
Britaniýada Saglygy Goraýyş Işgärleri Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi