Fransiýada musulmanlara degişli dükan ýakyldy

Fransiýada musulmanlara degişli dükan ýakyldy

Fransiýanyň La Depeche gazedi tarapyndan berilen habarada, Bon-Ankontr şäherindäki dükanyň düýn gije ýakylandygy we diwaryna nasistleriň simwoly bolan swastikanyň çekilendigi mälim edildi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda açylan dükanyň dolulygyna ýanandygy, emma wakada ýaralanan adamyň bolmandygy habar berildi.

Polisiýa gullugy dükanyň bilkastlaýyn häsýetde ýakylandygyny we waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdi.

Waka sebäpli dükanda işleýän 3 adamyň işsiz galandyklary beýan edildi.

Aşa çepçi Boýun egmeýän Fransiýanyň hereketi partiýasynyň deputaty Matilde Panot Twitter hasabyndan beren beýanatynda waka nägilelik bildirip: "Ýene-de şol bir media we syýasatçylar tarapyndan musulmanlara garşy ýigrenç sözler aýdylýar" diýipnygtady.

Fransuz ýajyzy we syýasatçy Tomas Portes hem Twitter hasabyndan: "Bu rasist hüjümler elhenç we jogapkärleri iň agyr ýagdaýda jezalandyrylmalydyrlar. Aşa sagyň pikirleriniň haýsy derejä ýetendigi aýdyň" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Türkmenistanda VPN ussalary Durowyň tussaglygyndan soň gazanjyny ýitirmekden howatyrlanýar
Köýtendag täsinlikleri bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär
15.12.2020 | Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynda yşyklar ýakyldy
Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan şahyrana žiwopis eserleri
Sebitiň iň beýik arçasy Türkmenistanda
Özboluşly artefaktlaryň ýygyndysy: gadymy sene ýazgysynyň täze sahypalyry