Fransiýada milliarderlere goşmaça salgyt giriziler

Fransiýanyň Milli parlamentinde aşa gurply adamlara goşmaça salgyt girizilmegi sese goýuldy.Kanun teklibine görä, bahasy 1 milliard ýewrodan gymmat emläge bolan adamlar 2 göterim salgyt tölärler.

Bu salgyt Fransiýada salgyt tölemäge borçly ýa-da bu ýurtda emlägi bolan hemmä degişli bolar.Bu teklip aşa çep garaýyşly Boýun egmeýän Fransiýa (LFI) partiýasy tarapyndan milli parlamentde geljek ýylyň býujeti barada gepleşikler geçirilýän wagty berildi. Ýurduň Hökümeti tarapyndan taýýarlanan teklibiň deslapky nusgasy ýene bir gezek garalmagy üçin Fransiýanyň Senatyna goýberilmezden ozal, soňky gezek üýtgedilipdi.

Emläk salgydy diýlip atlandyrylýan salgydyň girizilmegine häkimiýetdäki Renesans partiýasy bilen bir hatarda Milli bileleşik (RN) partiýasynyň wekilleri hem garşy ses berdi. Muňa garamazdan, ýeterlik derejede ses aldy.

Bu teklibi öňe sürýän deputatlar salgydyň täze görnüşi bilen Fransiýanyň iň gurply 10 adamyndan azyndan 13 milliard ýewro girdeji alyp boljakdygyny öňe sürýärler.

Geçen ýyl ýurduň býujetiniň ýetmezçiligi 5,5 göterim bolupdyr.

Täze kanunyň güýje girmegi üçin Senatyň agzalary tarapyndan hem tassyklanmaly bolar.

Ýene degişli makalalar

Tramp öz administrasiýasyny döredýär
Rawşanbek Alimow Özbegistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine bellenýär
ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady
Amerikan Saýlawy
Amputasiýa operasiýasyny ret eden Mansur Mingelow keselhanadan türmä 'gaýtarylýar'
Türki döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar