Fransiýanyň Saglygy goraýyş guramasynyň görkezijilerine görä, ýurtda maýmyn mama keseline ýoluganlaryň sany 16 adama ýetdi.
Wirusa ýolugan 16 adamdan 12-i paýtagt Parižde hasaba alyndy.
Seýrek gabat gelinýän wirus sebäpli ýüze çykýan kesellerden biri hökmünde bilinýän maýmyn mama keseli Kongo we Günbatar Afrika grönüşü bolmak bilen iki topara bölünýär.
Wirus, umuman alynanda haýwandan ynsana we seýrek hem bolsa ynsandan ynsana ýokaşýar.