Fransiýada iPHONE 12 smartfonlarynyň söwdasy saklandy

Fransiýada iPHONE 12 smartfonlarynyň söwdasy saklandy

Fransiýanyň hökümeti iPhone 12 eltelefonlarynyň söwdasyny wagtlaýyn saklady diýip, Habar 24 ýazýar. Munuň sebäbi smartfonda elektromagnit şöhlelenmesi kadadan ýokary diýip, Ýygylyklar boýunça Milli agentlik habar berdi.

Sazlaýjy näsazlygy gysga möhletde düzetmegi talap etdi. Eger talap ýerine ýetirilmese, Apple kompaniýasy ähli satan enjamlaryny yzyna almaly bolar. Emma kompaniýa barlagyň netijelerini inkär edýär we smartfonynyň bütin dünýäde hereket edýän şöhlelenme kadalaryna laýyk gelýändigini nygtaýar.

Emma fransuz hökümeti meseläni aradan aýyrmak üçin iki hepde möhlet berdi diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Apple ABŞ-da 500 milliard dollarlyk tilsimat boýunça maýa goýar
“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
Apple kompaniýasynyň iPhone 15 eltelefonlaryna isleg azaldy
Uly girdeji gazandy
“iPhone 15” onlaýn görnüşde hödürlener
Stiw Jobsuň ogly täze şereketi işe girizmekçi
“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar