Fransiýada güýçli garly harasat sebitleriň birgideninde ulaglaryň hereketinde bökdençlikleri döretdi. Bu barada BFMTV teleýaýlymyna salgylanýan Interfaks habar berdi diýip, Report ýazýar.
Garly harasatyň Bretana we Normandiýa, paýtagt sebiti bolan Il-de-Fransa aralaşandygy, Pariž sebitinde ygalyň 5 santimetre, kä ýerlerde 10 santimetre ýetmegine garaşylýar.
Gar, buzluk we güýçli şemal bilen baglylykda, departamentleriň 58-sinde howplulygyň gülgün derejesi yglan edildi. Normandiýada birnäçe ýol-ulag heläkçilikleri boldy, bäş adam şikes aldy.
Ýollarda tizligi sagatda 20 kilometre çenli peseltmek maslahat berildi. Demir ýol gatnawlarynyň saklanan sebitleri-de bar.
Meteorologlar Alp daglarynda gar süýşgünleriniň howpy barada duýdurýarlar.