Fransiýada geljek birnäçe ýylda pes hasyla garaşýarlar

Fransiýada geljek birnäçe ýylda pes hasyla garaşýarlar

Fransiýaly daýhanlar öňdäki birnäçe ýylyň dowamynda ekinlerden pes hasyla garaşýarlar. Çabga ýagynlary, harasatlar, güýçli şemallar, yssy howa ilkinji nobatda bugdaý hasylyna zyýan ýetirdi. Onuň ýygymy eýýäm birnäçe gün bäri dowam edýär, emma hasyl garaşylanyndan has az diýip, Euronews.com ýazýar.

Endranyň oba hojalyk palatasynyň başlygy Nikolýa Paýýu şeýle gürrüň berýär:

Biz häzir diňe 5,3 tonna bugdaý aldyk, adaty ýyllarda bu döwre çenli 7 tonna ýygnardyk. Hasyl adaty ýyldakydan tonna bir ýarym tonna az. Ýyllar bir görseň, gurak, bir-de çygly gelýär. Nämälimlik ýagdaýy çylşyrymlaşdyrýar,sebäbi käbir ekine çygly howa ýaraýar, käbirine gurak howa.

Daýhanlar ählumumy maýlamanyň howanyň ýagdaýyny öňünden çaklamagy kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar. Netijede, olar däne hasylynyň ortaça ýyllyk görkezijilerden 13-20 göterim az boljakdygyny çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gowy peýniri belli boldy
Britaniýanyň Konserwatorlar partiýasynyň täze başlyklygyna Kemi Badenok saýlandy
Euronews.com Türkmenistanyň medeni mirasy barada makala çap etdi
Dünýäniň iň özüne çekiji binaly şäherleri
Yzy kesilmeýän yssy we guraklyk sebäpli Rumyniýada köller ýok bolýar
“Wero” töleg hyzmaty işe giriziler