Fransiýada arassa howa taksileri ulanylar

Germaniýanyň “Volocopter” kompaniýasy uçýan taksileri işläp taýýarlaýar.Elektrik energiýasy bilen işleýän köp perli bu taksileriň geljek ýyl Fransiýanyň paýtagtynda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda ulanylmagy göz öňünde tutulýar.

Tomusky Olimpiýa oýunlarynda jemi bäş ugurda elektrik energiýasy bilen işleýän taksileriň ulanylmagy öz öňünde tutulýar.Bu taksileriň awiasiýa taryhyndaky esasy ösüşleriň biri bolmagyna garaşylýar.Birnäçe ýyllap “Airbus” kompaniýasynda ýolbaşçy wezipesinde işlän Dirk Hok häzirki wagtda “Volocopter” kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Bu kompaniýa “eVTOL” atly uçýan taksileri işläp taýýarlaýar.

Uçýan awtoulaglary döretmek baradaky ilkinji pikir geçen asyryň ortalarynda peýda bolýar. Şeýle-de bolsa, ýokary tehnologiýa talap edýän bu ulaglar synag maksady bilen ulanylýan hem bolsa, häzire çenli yzygiderli ulanyşa goýberilmedi.

Dünýäniň köp şäherinde birnäçe ýyldan uçýan taksileriň ýola goýulmagyna garaşylýar.Bu ulaglaryň batareýalarynyň kuwwaty uzak aralyga gitmäge mümkinçilik berýär. Şäher içindäki ulag dyknyşygyny azaltmaga goşant goşjak bu ulaglaryň has uzak aralyga gidýän görnüşleriniň işlenip taýýarlanmagy üçin alada edilýär.

Käbe Ataýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
Gökdepede Gurbanguly Berdimuhamedowyň Käbä zyýaratyna bagyşlanyp sadaka berildi
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy
Ahal welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna badalga berler
Arkadag şäherinde Baş metjidiň ýanynda okuw medresesi-de gurlar
Saud Arabystany haj wagty COVID-çäklendirmeleri ýatyrmakçy