Fransiýada 1300 ýyllyk gylyç ýitdi

Fransiýada 1300 ýyllyk gylyç ýitdi

Fransiýanyň metbugatynda berilen habara görä polisiýa gullugy 8-nji asyryň rowaýata öwrülen rysary Rolanda degişlidigi çak edilýän we meşhur Rokamadur ybadathanasyndaky depede ýerleşýän "Durandal" adyny göterýän gylyjyň nähili ogurlanan bolup biljekdigini derňeýär.

Rokamadur etrabynyň häkimi Dominik Lenfant, gylyjyň ýitmeginden soň beren beýanatynda: "Durandaly küýsäris. Ençeme asyr bäri Rokamaduryň bir bölegidi" diýip belledi.

Mukaddes Rim imperiýasynyň imperatory Beýik Karlyň perişdelerden alyp iň gowy esgerine berendigi ynanylýan we 22-nji iýunda ýiten meşhur gylyç, takmynan 1300 ýyl 10 metr beýiklikdäki, adamlar üçin elýeterli bolmadyk depäniň üstündäki gaýada sünjülen görnüşde durýardy.

Fransiýanyň günortasyndaky Lot sebitinde ýerleşýän Rokamadur ybadathanasy syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerleriniň biridi.

Ýene degişli makalalar

Tennis hakda söhbet...
Jokowiç Rolan Garrosda çempion bolup, ATP reýtinginiň liderine öwrüldi
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Rolan Garros — 2023: Swýontek ýene çempion
Rolan Garros: ýarym finaldaky ilkinji braziliýaly tennisçi boldy
Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji onlugyň üçünji wekili ýaryşdan çykdy