Fransiýa Ysraýyla garşy sanksiýalaryň girizilip bilinjekdigini mälim etdi

Fransiýa Ysraýyla garşy sanksiýalaryň girizilip bilinjekdigini mälim etdi

Fransiýanyň daşary işler ministri Stefan Sežurn Fransuz RFI radiosynyň we France 24 telewideniýe kanalynyň umumy teleýaýlymynda, Gaza ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi.

Ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi üçin Gaza zolagynyň demirgazyk we günorta geçelgeleriniň açylmagyny islän Stefan Sežurn sebite ýüzlerçe ynsanperwer ýük daşaýan ulaglaryň girmeginiň zerurdygyny habar berdi.

Fransiýanyň Günbatar Şeriada palestinalylara garşy zorluk edýän bikanun jöhit ýaşaýjylara garşy Ýewropa derejesinde sanksiýa girizilmegini teklip eden iki ýurduň biridigini aýdan Stefan Sežurn ynsanperwer kömekleriň Gaza ýetirilmegi üçin gerek bolan halatynda ony dowam etdirjekdiklerini mälim etdi.

Stefan Sežurn Palestina meselesinde iki döwletli çözgüdiň tarapdarydyklaryny belläp, ýurdunyň "Ysraýylyň dosty" bolmaga dowam etdirjekdigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragynyň ýeňijisi Winisius Junior däl-de, Rodri boldy
Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Gaza Ýene-de 22 Palestinalynyň Jesedi Tapyldy
Ysraýyl 500 günden bäri Gazada genosid söweşini dowam etdirýär
ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy
Ysraýylyň çäklendirmeleri ynsanperwer kömeginiň diňe 30 göteriminiň Gaza ýetirilmegine sebäp bolýar