Fransiýa Ukrainanyň ÝB-e agzalygy bilen bagly beýanat berdi

Fransiýa Ukrainanyň ÝB-e agzalygy bilen bagly beýanat berdi

Fransiýanyň Ýewropa işlerinden jogapkär Döwlet ministri Klement Bon, Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagynyň 15-20 ýyl dowam edip biljekdigini habar berdi.

Fransiýanyň Ýewropa işlerinden jogapkär Döwlet ministri Klement Bon, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Ukrainany has irki möhletde integrasiýa etmäge goltgy berip biljek "Ýewropanyň syýasy jemgyýetini" döretmek baradaky teklibini gaýtalap: "Ukrainalylara hiç hili illýuziýa ýa-da ýalňyş maglumat bermek islemeýärin" diýip belledi.

Radio kanallarynyň birine beýannama beren Klement Bon: "Dogryny aýtmaga mejburdyrys. Ukrainanyň 6 aýyň ýa-da 1-2 ýylyň içinde Ýewropa Bileleşigine goşuljakdygyny aýdýarsyňyz, ýalan sözleýärsiňiz. Agzalyk tapgyry 15 ýa-da 20 ýyl dowam edip biler" diýip mälim etdi.

Fransiýanyň Prezidenti Makronyň Ýewropanyň Syýasy jemgyýeti başlangyjynyň iýun aýynda geçiriljek ÝB Liderler maslahatynda maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Gysga aralyga uçar gatnawy gadagan edildi
Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
W.Klement: Täze ilçiniň bellenmegi ABŞ-nyn Türkmenistandaky bähbitlerine syn salmak mümkinçiligini döredýär
“Tagt oýunlary” ýa-da Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdary prezidentlige taýýarlaýarmy?
Türkmen alabaýynyň Aşgabatda dikilýän heýkeli we alabaýyň 'milli aňyýeti güýçlendirmekdäki' orny