Fransiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Goranmak ministri Sebastýen Lekornýu bilen Ukrainanyň Goranmak ministri Olekseý Reznikowyň düýn telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.
Beýannamada, Lekornýunyň telefon söhbetdeşliginde “Russiýanyň hüjüm ediji syýasatyna garşy” Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerini belledi we Ukrainanyň infstrukturasyny nyşana alýan rus hüjümlerini ýazgarýandyklaryny ýatlatdy.
Beýannamada, iki kärdeşiň Fransiýanyň Ukraina berýän harby kömegi we Ukraina beriljek AMX 10-RJ kysymly ýeňil söweş tanklary hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy.
Fransiýanyň we Ukrainanyň Goranmak ministrleri şol tanklaryň ulanylmagy üçin ukrainaly esgerlere harby tälimiň berilmegi meselesinde hem pikir alyşdy.