“Fransiýa, Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”

“Fransiýa, Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Elysse köşgünden berlen beýannama görä, Makron bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasynyň çäginde Nýu-Ýorkda duşuşdy.

Zelenskiýden sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat alan Makron “Ukrainanyň howpsuzlygy, Ýewropanyň howpsuzlygy diýmekdir” diýdi.

Duşuşykda, Fransiýanyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini aýdan Makron, Russiýa-Ukraina söweşinde Ukrainanyň raýatlaryny goramak hukugynyň bardygyny belledi.

Makron, Zelenkiýniň parahatçylyk meýilnamasyna goldaw berýändiklerini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Pezeşkian Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi
Fransiýanyň Premýer-ministri Attal Wezipesinden Çekildi