Fransiýa immigrasiýa baradaky täze kanuny kabul etmekçi

Fransiýanyň hökümetiniň 2025-nji ýylyň başynda täze immigrasiýa kanunyny kabul etmekçi.Bu barada hökümetiň resmi wekili Mod Brežon BFMTV-de teleýaýlymynda mälim etdi.Bu waka parlamentde we Prezident Makronyň koalisiýasynda çynlakaý maslahatlara sebäp bolan iň soňky immigrasiýa kanunynyň kabul edilmeginden bir ýyl soň bolup geçýär.

Bu beýanat Marin Le Peniň “Milli bileleşigi” tarapyndan saklanandan soň tassyklanan 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndaky immigrasiýa kanunyndan bir ýyl geçmänkä mälim edildi.

Hökümet, esasan hem, maşgala ýagdaýlarynda migrant derejesine eýe bolmak hukugyny çäklendirip, kadalaşdyrmak düzgünlerini hasam güýçlendirmekçi. Olar sagçylaryň hödürlän tekliplerine kanuny has laýyk getirmek maksady bilen Konstitusiýa Geňeşi tarapyndan ozal ret edilen maddalara täzeden serederler.

Brežon hökümetiň immigrasiýa meselesindäki berk garaýyşlaryny ara alyp maslahatlaşyp bolmajak Marin Le Peniň ýolbaşçylygyndaky Milli bileleşikden goldaw soramajakdygyny aýtdy. Muňa derek, ýerine ýetiriji häkimiýetiň täze kanun taslamasy boýunça giňişleýin ylalaşyga gelmek üçin ähli parlament toparlary bilen bilelikde işleşjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Fransiýada parlament saýlawlarynyň birinji tapgyry geçdi
Fransiýadaky saýlawda garaşylmadyk netije
Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Fransua Baýru Fransiýanyň täze Premýer-ministri boldy
Parižde abatlanan Notr-Dam baş ybadathanasy açyldy
Makron ygtyýarlylyk möhleti tamamlanýança wezipesinde galjakdygyny yglan etdi