Frankfurt şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

Frankfurt şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygy tarapyndan Frankfurt şäherinde 2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýlip yglan edilmegi, şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat, şygyrýet we döredijilik agşamy, Türkmenistanyň Prezidentiniň täze neşirleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň nemes diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

21-nji iýunda bolan dabara Germaniýanyň Hessen federal ýeriniň we Frankfurt şäheriniň resmi wekilleri, bu ýerde hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, diplomatik korpusyň wekilleri, ýerli işewürler, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, şeýle hem Germaniýada ýaşaýan we bilim alýan türkmenistanly raýatlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ömri-döredijiligi, Türkmenistanda şahyryň döredijiligini ebedileşdirmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmenistanyň dürli ugurlardaky ösüşlerine, şeýle hem akyldar şahyra bagyşlanan wideo şekillere tomaşa edildi we şahyryň goşgulary okaldy.

Şeýle hem, dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Magtymguly Pyragynyň neşirleriniň sergisi guraldy. Bu ýerde neşirleriň dürli dillerdäki terjimeleri giň okyjylara ýetirildi.

Maslahatyň ahyrynda türkmen bagşylar topary tarapyndan akyldar şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Dabaraly çäreden soň konsullyk tarapyndan guralan resmi kabul edişlikde oňa gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Frankfurt şäherine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedowyň we Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky konsulynyň Frankfurt şäher Geňeşiniň (mejlisiniň) ýolbaşçysy Hilime Arslaner bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda medeni-ynsanperder ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary, şol sanda Frankfurt şäherinde Türkmenistan tarapyndan dürli medeni çäreleriň guralmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, türkmen tarapy şu ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýlip yglan edilmegi we şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurtda geçirilýän halkara çärelerdir dabaralar barada gürrüň berdi.

Taraplar agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Hilime Arslaner Türkmenistanda medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda geçiriljek halkara ähmiýetli çäreleriň işine gatnaşmaga çagyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň GFR-daky konsulynyň Bawariýa federal ýerine iş sapary
Türkmen diplomaty Bawariýanyň Döwlet ministri bilen gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň konsuly Bawaiýanyň döwlet ministri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Deutsche Bank AG bankynyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdi
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
Germaniýada bu ýyl Remezan giňden bellener