Şekilleri surata düşürýän hem-de ýazga alýan enjamyň taryhy irki döwürlerden gözbaş alýar. 1685-nji ýylda nemes ýazyjysy Ýohannes Zahn Handflex refleks atly elde göterilýän kameranyň taslamasyny işläp düzýär. Ýöne bu enjam şowly netije bermeýär. 1816-njy ýylda fransuz oýlap tapyjysy Nisefor Nýeps bu enjamyň meňzeşini oýlap tapýar.
Bu enjam ilkinji fotoapparat hasaplanýar.Nýeps 1826-njy ýylda oýlap tapan enjamy arkaly kümüş hlorid bilen örtülen kagyzyň ýüzünde şekil döredýär.Bu ilkinji düşürilen surat hasaplanýar. 1829-njy ýylda Nýepsiň watandaşy Lui Dager surata düşürmegiň täze usulyny oýlap tapýar.
Beýleki fotokameraçylar Dageriň oýlap tapan usulyndan XIX asyryň ortalaryna çenli peýdalanýarlar.Suratlaryň şekiliniň çalt ýitmegi Dageriň oýlap tapan enjamynyň esasy kemçiligi bolup, ony amerikaly oýlap tapyjy Simon Wolkott düzedýär.
Ol ilkinji aýna kamerany işläp düzýär. 1871-nji ýylda Riçard Leç Maddoks XX asyryň polaroid kameralarynyň başlangyjy bolan gury plastinkasyny oýlap tapýar.
1888-nji ýylda amerikaly telekeçi Jorj Istman Kodak ady bilen analog fotoapparatlaryň satuwyna başlaýar. Şondan soňra Roçester şäherinde rulonly fotokameralaryň önümçiligi ýola goýulýar. 1905-1913-nji ýyllar aralygynda fotokamera öndürýän kompaniýalar ulanyjylara aýrylyp-dakylýan 35 mm obýektiwi hödürleýärler.
Nemes oýlap tapyjysy Oskar Barnak Leitz korporasiýasy üçin Leica atly obýektiwi oýlap tapmagy bilen tanalýar. 1920-nji ýylda nemes kompaniýasy Franke & Heidecke-niň hünärmenleri iki linzaly refleksli fotoapparatlary öndürip başlaýarlar.
1999-njy ýylda ilkinji sanly (DSLR) fotokamera peýda bolýar. Sanly fotoapparat düşürilen suratlary takyk görmäge, surata gowy düşürmäge mümkinçilik berýär. 2004-nji ýylda Epson refleksli aýnasyz fotokamerany çykarýar. Munda ýagtylyk obýektiwden göni sanly sensora geçýär, soňra LCD ekranda şekil görkezilýär hem-de sazlamalary üýtgedip bolýar.
Surata we wideo düşürmek maksady bilen ulanylan fotoenjamlar birnäçe ýyl ozal seýrek bolan hem bolsa, häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen el telefonlary arkaly ýokary durulykda surata düşürmek hemmeler üçin elýeterli boldy.
Fotosurat barada gyzykly maglumatlar
Ilkinji fotosurat 1826-njy ýylda fransuz oýlap tapyjysy Nisefor Nýeps tarapyndan düşürilýär.
Tomas Isterli atly suratçy 1847-nji ýylda ilkinji gezek tebigy hadysany ýyldyrymy surata düşürýär.
1861-nji ýylda şotland fizigi Jeýms Klerk Makswell ak-gara fotosuraty 3 sany süzgüçden (filtr) geçirip, reňkli fotosuraty almagy başarýar.
1877-nji ýylda iňlis suratçysy Edward Meýbrij 12 sany fotoenjamy hatarlap goýup, çapyp barýan aty surata düşürýär. Olary birleşdirip, yzly-yzyna görkezmek arkaly ilkinji animasiýany döredýär.
1893-nji ýylda guwwas Lui Botan tarapyndan ilkinji suwasty fotosurat düşürilýär.
Howadan alnan ilkinji reňkli fotosurat (Azatlyk heýkeli) 1930-njy ýylda düşürilýär.
Kosmosda alnan ilkinji fotosurat Sputnik kosmos gämisine degişli bolup, ol geçen asyryň ortalarynda düşürilýär.
1968-nji ýylda Amerikanyň Apollo 8 älem gämisiniň kosmos giňişliginden planetamyzy surata düşürmegi arkaly Ýer ýüzüniň ilkinji şekili alynýar.
2005-nji ýylda Gün ulgamy ilkinji gezek tutuşlygyna surata düşürilýär.