“Fortune” ilkinji gezek Ýewropa kompaniýalarynyň sanawyny düzdi

ABŞ-nyň iň uly kompaniýalarynyň sanawyny düzýän “Fortune” žurnaly ilkinji gezek Ýewropa boýunça sanawyny düzdi.Oňa sebitiň 24 ýurdy girdi. Ýewropa boýunça “Fortune 500” sanawynynyň umumy girdejisi 13,9 trillion dollara deň bolup, bu Germaniýanyň jemi içerki önüminden 3,5 esse köpdür.

Deňeşdirmek üçin: ABŞ-nyň “Fortune 500” sanawynyň umumy girdejisi 18,1 trillion dollar, “Fortune Global 500”-iň global girdejisi 41 trillion dollar.

– Ýewropa korporasiýalary geçen maliýe ýylynda dünýäde bolup geçýän wakalaryň energiýa bahalaryna ýetirýän netijeleri sebäpli birnäçe kynçylygy ýeňip geçmeli boldy diýip, “Fortune” sanawynyň redaktory Skott DeKarlo belleýär.

Soňky döwürde ykdysady ösüşiň peselendigi baradaky habarlara garamazdan, Germaniýa girdejili biznes üçin Ýewropanyň iň uly merkezi bolmagynda galýar: sanawa Germaniýanyň 80 kompaniýasy girdi, ilkinji üçlüginde “Volkswagen” we “Uniper” bar. Russiýanyň “Gazprom”-y hem bellärliklidir, dürli päsgelçiliklere garamazdan, “Gazprom” henizem Ýewropanyň iň gowy 10 kompaniýalarynyň biri bolup, sekizinji orunda durýar.

Energiýanyň bahasynyň ýokarlanmagyna we üpjünçiligiň çäkli bolmagyna sebäp bolan global dartgynlylyk şertlerinde bu pudakdaky iň uly kompaniýalar öz girdejilerini artdyryp, sanawda birinji orny eýeledi: britan energiýa ägirdi “Shell” 2022-nji ýylda ýyllyk 381 million dollar girdejisi bilen Ýewropanyň iň uly kompaniýasy bolup durýar.

Beýleki energiýa kompaniýalarynyň arasynda Fransiýanyň “TotalEnergies”, Beýik Britaniýanyň “BP” we yklymyň iň gymmatly 10 kompaniýasyny jemleýän “Electricité de France” bar.

2023-nji ýylda “Fortune 500 Europe” sanawynyň iň gowy 10 kompaniýasy şulardan ybarat: Shell (Beýik Britaniýa), “Volkswagen” (Germaniýa), “Uniper” (Germaniýa), “TotalEnergies” (Fransiýa), “Glencore” (Şweýsariýa), BP (Beýik Britaniýa), “Stellantis” (Niderlandlar), “Gazprom” (Russiýa), “Mersedes-Benz” topary (Germaniýa) “Electricité de France” (Fransiýa).

Bu sanawda maliýe kompaniýalary has pes orny eýeleseler-de, olar heniz hem gerimini saklap, oňa 84 kompaniýa girdi. Energetika we maliýe pudaklaryndan başga-da, Ýewropanyň 500 iri kompaniýasynyň sanawyna gurluşyk (30), azyk we içgi (27) we bölek satuw (25) pudaklary hem girýär.

Germaniýadan soň, “Fortune 500” sanawynda iň köp wekilçilik edilýän ýurt Beýik Britaniýa: onda sanawyň umumy girdejisiniň 15%-den gowragyny eýeleýän 76 kompaniýa bar.Sanawda görkezilen britan kompaniýalary: “Tesco” (34), “BT Group” (152), “Diageo” (188), “Marks & Spencer” (255), “John Lewis Partnership” (274) we BBC Group (436).

Beýik Britaniýa we Germaniýadan soň Fransiýa gelýär: sanawda 71 fransuz kompaniýasy, 37 niderland we 36 şweýsar kompaniýalary bar.Sanawa giren kompaniýalaryň köpüsiniň ortaça 108 ýaşy bar.Sanawdaky iň köne kompaniýa 1366-njy ýylda Germaniýada esaslandyrylan “Anheuser-Busch InBev” kompaniýasydyr.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji zawodyny gurar
Gladiator 24 ýyldan soň Kolizeýe dolandy
Türkmenistan Günorta gaz geçelgesi boýunça gepleşiklere gatnaşar
Russiýa 24-nji Fewralda Başlan Söweşden Bäri Fosil Ýangyçdan 63 Milliard Ýewro Girdeji Gazandy
Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly 32 million tonna türkmen nebiti eksport edildi
Nebit-gaz kompaniýalary arassa energiýa öndürer