“Forsaž 9” ABŞ-da pandemiýadan soňky prokat rekordyny täzeledi

“Forsaž 9” ABŞ-da pandemiýadan soňky prokat rekordyny täzeledi

“Forsaž” franşizasynyň dokuzynjy bölümi ilkinji dynç günleri amerikan prokatynda 70 mln dollar gazanyp, pandemiýanyň başlan döwründen bäri kassa ýygymy boýunça rekord goýdy. Bu barada style.rbc.ru habar berýär.

Kino prokatçylary kassa ýygymynyň 75 mln dollar bolmagyna garaşypdylar, ýöne koronawirus pandemiýasy şertlerinde hatda 65 mln hem gowy netijedir.Franşizanyň öňki iki bölümi dokuzynjy bölüme garanda köp gazandy 147 mln we 99 mln dollar. Ýöne bu koronawirus döwründen öň bolupdy.

CNN teleýaýlymynyň habar bermegine görä, bu film pandemiýadan soňky blokbasterleriň arasynda we “Star Wars: The Rise of Skywalker” (Звездные войны: Скайуокер. Восход) filminiň premýerasyndan bäri ilkinji uly üstünlik boldy, ol 2019-njy ýylda çykan we ilkinji dynç günleri 60 mln dollar gazanan “Hobbs we Şou” spin-offunyň rekordyndan hem geçdi. “Forsažyň” dokuzynjy bölümi dünýä prokatynda 405 mln dollar gazandy.

Blokbaster 20 ýyl ýaýlymda bolmak bilen, tutuş dünýä boýunça jemi 6 mlrd dollardan gowrak gazanan franşizanyň ýene bir üstünligi boldy. “Forsaž 9-yň” çykmagy pandemiýa sebäpli birnäçe gezek yza süýşürildi, netijede, Universal studiýasy kartinanyň premýerasyny bir ýyl yza süýşürdi.

Belläp geçsek, “Forsažyň” taryhy şunuň bilen tamamlanmaz.Franşizanyň ideology we baş keşbi ýerine ýetiriji Win Dizel “Forsaž” älemi boýunça mýuzikl goýmakçydygyny we bu barada ömürboýy arzuw edendigini aýtdy. “Forsažyň” 10-njy bölümi 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda surata düşürilip başlanar.

Onuň 11-nji bölümi hem meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Forsaž 10-na Jastin Liniň deregine Lui Leterýe režissýorlyk eder
“Forsaž” filminiň 10-njy bölümi surata düşürilip başlandy
Win Dizel Forsaž 10 filminiň surata düşüriljek ýerlerini mälim etdi
“Forsaž” filmleri 11-nji kinodan soň tamamlanar
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary