Köp tapgyrly Forsaž filminiň 10-njy bölümi surata düşürilip başlan wagtyndan film režissýorsyz galdy. Döredijilik babatda düşünişmezlikler zerarly Jastin Lin režissýorlyk wezipesinden el çekip, taslamanyň amala aşyrylmagynda prosýuser hökmünde işini dowam etdirmäge girişdi.
Indi taslamany durmuşa geçirijiler filmiň surata düşürilmeginde täze režissýor bellenilýänçä, gysga möhletleýin arakesme alarlar. Bu babatda gazeta.ru saýtynyň belleýşi ýaly, Liniň wezipesinde iş alyp barjak täze hünärmeniň kim boljakdygy ýakyn wagtda mälim bolar.
Filmiň köpçülikleýin tomaşaçylara ýetiriljek senesi häzirlikçe nämälim bolsa-da, onuň tanyşdyryşy adatdaky ýaly 2023-nji ýylyň maý aýyna meýilleşdirilýär.