Forsaž 10 filmi kinoteatrlaryň prokatyna 2023-nji ýylyň aprelinde çykar. Franşizanyň täze bölüminiň surata düşürilişi 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlar diýip, Entertainment Weekly ýazýar. Bu barada daily.afisha.ru habar berýär.
Täze bölüme "Forsaž" franşizasynyň ozal hem dört bölümini surata düşüren Jastin Lin režissýorlyk eder. Filmde Win Dizelden başga-da, Mişel Rodriges, Taýriz Gibson, Sun Kang, Ludakris we Jordana Brýuster dagylar öz öňki rollaryna gaýdyp gelerler.
Şeýle hem Jeýson Stethem hem öňki keşbine gaýdyp geler, bu barada filmiň öňki bölüminde hem ýaňzydylýar. Dueýn Jonson bolsa Win Dizel bilen bolan düşünişmezlikler sebäpli, “Forsažyň” onunjy bölüminde oýnamakdan ýüz öwürdi.
Özüniň 20 ýyllyk taryhynda franşiza “Universal” studiýasyna 5,7 milliard dollar girdeji getirip, studiýanyň taryhynda iň girdejili franşiza boldy. Ikinji orunda ýerleşýän "Ýura döwrüniň seýilgähi" filmleri bolsa 5 milliard dollardan sähelçe gowrak girdeji gazanmaga kömek edipdi.