Formula1 1000-nji ýaryşda Hamilton 75-nji ýeňşini gazandy

boýunça möwsümiň 3-nji ýaryşy Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirildi.F1-iň taryhyndaky 1000-nji ýaryş bolan bu “Gran Pride” britaniýaly Lýuwis Hamilton ýeňiş gazandy.Ol 56 aýlawy 1 sagat 32 minut 06,350 sekuntda tamamlap, şu ýylky 2-nji, karýerasyndaky 75-nji ýeňşini baýram etdi.

Hamiltonyň topardaşy, ýaryşa 1-nji hatardan goşulan finlýandiýaly Waltteri Bottas ýeňijiden 6,5 sekunt az netije görkezip, 2-nji ýeri eýeledi. Şu möwsümde ilkinji gezek münbere çykan Sebastian Wettel (01:32:20,094) 3-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.

Maks Werstappen, Şarl Lekler, Pier Gasli, Daniel Rikkiardo, Serhio Perez, Kimi Raikkonen hem-de Aleksander Albon dagy taryhy ýaryşda öňdäki onluga düşüp, utuk almagy başardylar.Bu “Gran Priden” soň, utugyny 68-e ýetiren Hamilton 1-nji orna beýgeldi.

Ondan 4 utugy kem Bottas 2-nji, “Red Bulluň” golland sürüjisi Werstappen 39 utuk bilen 3-nji hatarda barýar.Möwsümiň 4-nji ýaryşy 28-nji aprelde Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

F1-iň täze möwsümi başlaýar
Singapurda Werstappen däl-de, Perez ýeňiş gazandy
Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?!
Azerbaýjanda garaşylmadyk ýeňiji
Wetteliň şowsuzlygy we Hamiltonyň ýeňşi
“Ferrariden” goşa üstünlik