Formula-1: Maks Werstappen Ştiriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

Formula-1: Maks Werstappen Ştiriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

“Red Bulluň” niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň sekizinji tapgyry bolan Ştiriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Awstriýanyň Şpilberg şäherindäki “Red Bull Ring” awtodromynda geçirildi diýip, TASS habar berýär.

Ikinji orny “Mersedesden” häzirki dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton eýeledi. Üçünji orun onuň topar boýunça ýoldaşy saýlama tapgyrynda ikinji bolan fin Waltteri Bottasa degişli boldy. “Haasdan” russiýaly Nikita Mazepin iň soňky gelenleriň biri boldy, ol ýaryşy 20-nji orundan başlap, 18-nji orunda tamamlady. Şeýle-de, “Haasdan” nemes Mik Şumaher ýaryşda 16-njy boldy. “Alfa Tauriniň” sürüjisi Pýer Gasli teker meselesi sebäpli pellehanada çykdy. “Uilýamsyň” sürüjisi Jorj Rassell 39-njy aýlawda hereketlendiriji bilen bagly näsazlyk sebäpli, ýaryşy dowam etdirip bilmedi.

Werstappen karýerasynda 14-nji we şu möwsümde dördünji ýeňşini gazandy.Ol 156 utuk bilen umumy hasapda öňde barýar.Ikinji Hemilton (138), üçünji “Red Bulldan” meksikaly Serhio Peres (96).

Mazepin utuk gazanmady we ol iň soňkydan öňdäki 19-njy orny, Şumaher meňzeş netije bilen 18-nji orny eýeleýär.Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” (252) lider bolmagyny dowam etdirýär, onuň yzyndan “Mersedes” (212) we “Maklaren” (120) gelýär, “Haas” iň soňky (0). Çempionatyň dokuzynjy tapgyry hem 2-nji iýuldan 4-nji iýul aralygynda Awstriýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy
Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler, Brýansk maşyngurluşyk zawody Türkmenistana 5 sany ýük teplowozyny iberdi, noýabrda boljak howa barada