Ertir, has takygy, 25-nji martda Ýer şarynyň iň köp tomaşaçyly awtosport ýaryşlarynyň biri bolan Formula 1 Dünýä çempionatynyň täze möwsümine badalga berler. 1950-nji ýyldan bäri guralýan ýaryşyň bu ýyl 68-nji möwsümi geçiriler. 21 tapgyrdan ybarat Dünýä çempionaty 25-nji martda Awstraliýa “Gran Prisi” bilen başlap, 25-nji noýabrda-da Abu Dabi “Gran Prisi” bilen tamamlanar. Şu möwsümde 10 topar we adatça hersinden 2 sürüji ýaryşa goşular.
Ulaglary bu ýyl hem meşhur “Pirelli” şereketi tekerler bilen üpjün eder.
TOPARLARToparlar ýa-da konsktruktorlar barada aýdylanda, iň soňky çempionlygyny 2008-nji ýylda gazanan “MacLaren” (Beýik Britaniýa) topary “Honda” bilen şärikligini soňlandyryp, öňümizdäki 3 ýyl üçin “Renault”-yň hereketlendirijilerini ulanar. “MacLaren” topary köp ýyllaryň dowamynda “Mercedes” hem-de “Honda” şereketleriniň hereketlendirijileri bilen hereket edipdi.
Italýanlaryň “Toro Rosso” topary bolsa, häzirlikçe şu möwsüm üçin “Honda” bilen şertnama baglaşdy. “Toro Rosso” köp ýyllap “Ferrariniň”, 20142015-nji ýyllarda-da “Renault”-yň motorlaryny ulanypdy.
SÜRÜJILERSürüjilerde geçen ýylkydan kän bir üýtgeşiklik ýok diýen ýaly. “Williams” toparynda F1 karýerasyny tamamlan braziliýaly Felipe Massanyň ornuna russiýaly Sergeý Sirotkin çykyş eder. Şeýle-de “Toro Rosso” toparynyň adyndan 2016-njy ýylda GP2 Seriýa ýaryşlarynda çempion bolan fransiýaly Pier Gasli bilen 2 gezek Berdaşlylyk bäsleşikleriniň ýeňijisi, Täze zelandiýaly Brendon Hartli wekilçilik eder.
Gasli bilen Hartli geçen möwsümde-de Karlos Saýns kiçisi bilen Daniýl Kwýatyň orunlaryna soňky ýaryşlara gatnaşypdy. “Sauber” topary-da germaniýaly sürüjisi Paskal Werleýni monakoly Şarl Lekler bilen çalyşdy.Geçen ýyl Formula 2-de çempion bolan 20 ýaşly Lekler ilkinji gezek F1-de bäsleşer.
“GRAN PRILER”Fransiýa “Gran Prisi” 2008-nji ýyldan soň, ilkinji gezek sanawa alyndy.Bir ýyllyk arakesmeden soň, Germaniýa “Gran Prisi” hem täzeden senenama girizildi.Malaýziýa “Gran Prisi” bolsa, taraplaryň ylalaşygy netijesinde sanawdan çykaryldy.
Mälim bolşy ýaly, 1999-njy ýyldan bäri Malaýziýada F1 ýaryşlary geçirilip gelinýärdi. Şeýle-de maý aýynda guralýan Russiýa “Gran Prisi” hem sentýabr aýyna geçirildi.
TARYHY BARADA GYSGAÇAFormula 1 ýaryşy ilkinji gezek 1950-nji ýylda guralyp, şonda “Alfa Romeo” toparyndan italiýaly Giseppe Farina ýeňiji bolýar.Yzly-yzyna 2 çempionlyk gazanan ilkinji sürüji-de italiýaly Alberto Askari bolup, “Ferrariniň” sürüjisi 19521953-nji ýyllarda 1-nji ýeri eýeleýär. 1951-nji ýylda çempionlyk gazanan argentinaly Huan Manuel Fanjio 19541957-nji ýyllarda yzly-yzyna 4, jemi 5 gezek çempion diýen ada mynasyp bolýar.
Formula 1-de iň köp çempionlygy germaniýaly Mihael Şumaher gazanýar.Ol 7 gezek bu ada eýe bolýar.Huan Manuel Fanjio 5, Alan Frost, Sebastian Wettel, Lewis Hamilton dagy-da 4 gezek möwsümi ýeňiş bilen tamamlaýar.
F1-de iň köp Beýik britaniýaly pilotlar ýeňiji bolup, 10 britan sürüjisi jemi 17 gezek çempionlyk gazanýar.Germaniýaly 3 sürüji-de 12 gezek ýeňiji bolýar.Toparlaryň arasynda çempionlyk ýaryşy 1958-nji ýyldan bäri hasaba alnyp, soňky sapar 2008-nji ýylda çempion bolan “Ferrari” bu ugurda 1-nji hatarda barýar.
Italýan topary 16 gezek ýeňiş gazandy. “Williams” 9, “MacLaren” 8, “Lotus” 7, “Red Bull” bilen “Mercedes” 4, “Cooper”, “Brabham”, “Renault” 2, “Vanwall”, BRM, “Matra”, “Tyrell”, “Benetton” hem-de “Brawn” 1 gezek çempion boldy.Täze möwsümde haýsy sürüjileriň öňe saýlanjakdygyny eýýämden anyk aýtmak kyn. Ýöne geçen ýylyň çempiony Lewis Hamiltonyň, germaniýaly Sebastian Wetteliň, synag ýaryşlarynda ýokary netije görkezen tejribeli Kimi Raikkoneniň, şeýle-de Waltteri Bottasyň atlary garşydaşlaryna garanyňda, bir ädim öňde diýip aýtsa bolar.