Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?!

Formula 1 boýunça geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýan sürüjileriň alýan haklary mälim edildi. “Business Book GP” neşiri bu barada habar berýär.F1-de iň köp hak alýan sürüji soňky 5 ýylyň çempiony, “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton bolup, oňa ýyllyk 47 million ýewro tölenýär.

Ol bu görkeziji bilen dünýäniň hem iň köp hak alýan türgenleriniň biridir.Sanawda “Ferrari” toparynyň nemes piloty Sebastian Wettel 2-nji ýeri eýeleýär.Geljek möwsümde “Renault” toparynda çykyş etjek Wettel her ýylda 35 million ýewro hak alýar.

Bu ugurda 20 million ýewro bilen “Renault” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Daniel Rikkiardo 3-nji orunda barýar.

Antonio Jowinazzi (“Alfa Romeo”) 500 müň ýewro

Nikolas Latifi (“Williams”) 750 müň ýewro

Jorj Rassel (“Williams”) 750 müň ýewro

Daniil Kwýat (“AlphaTauri”) 750 müň ýewro

Pier Gasli (“AlphaTauri”) 1 million ýewro

Lans Stroll (“Racing Point”) 1,5 million ýewro

Lando Norris (“McLaren”) 1,5 million ýewro

Aleks Albon (“Red Bull Racing”) 2 million ýewro

Kewin Magnussen (“Haas”) 2 million ýewro

Roman Grožan (“Haas”) 2 million ýewro

Esteban Okon (“Renault”) 2 million ýewro

Serhio Perez (“Racing Point”) 4 million ýewro

Karlos Sains kiçisi (“McLaren”) 4,5 million ýewro

Kimi Raikkonen (“Alfa Romeo”) 6 million ýewro

Şarl Lekler (“Ferrari”) 9 million ýewro

Waltteri Bottas (“Mercedes”) 9 million ýewro

Maks Werstappen (“Red Bull Racing”) 16 million ýewro

Daniel Rikkiardo (“Renault”) 20 million ýewro

Sebastian Wettel (“Ferrari”) 35 million ýewro

Lýwus Hamilton (“Mercedes”) 47 million ýewro

The post Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?! appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Hamilton Şumaheriň taryhy rekordyna şärik boldy
Hamilton rekorda ymtylýar
F1-iň täze möwsümi başlaýar
24 ýyldan soň ýeňiş gazanan ilkinji fransuz
Hemilton "Formula 1-da" ýedinji gezek çempion boldy
Formula 1-iň sürüjileri näçe gazanýarlar?