“Formula 1”-iň sürüjileri näçe gazanýarlar?

Ýakynda dünýäniň ýedi gezek çempiony Lýuis Hemiltonyň “Mercedes” topary bilen şertnamasynyň möhletini uzaldandygy mälim boldy. “The Sun” britan neşiri Formula 1-iň şu möwsümde ýaryşa goşuljak 10 sany sürüjisiniň aýlyk haklaryny neşir etdi.

Lýuis sanawda birinji orna ýerleşdi. Ol sanawda özünden soňky üç sürüjiniň zähmet hakyny goşanyňdakydan hem köp pul gazanar. Görkezilen pul möçberine goşmaça tölegler we sowgatlar girmeýär.

1. Lýuis Hemilton, 36 ýaş, “Mercedes” topary. Aýlyk haky 40 million funt

2. Maks Ferstappen, 23 ýaş, “Red Bull Racing”, 18,2 million funt

3. Şarl Lekler, 23 ýaş, “Ferrari”, 10,19 million funt sterling

4. Daniel Rikkardo, 31 ýaş, “McLaren”, 10,19 million funt sterling

5. Karlos Saýns, 26 ýaş, “Ferrari”, 7,28 million funt sterling

6. Sebastýan Fettel, 33 ýaş, “Aston Martin”, 7,28 million funt sterling

7. Fernando Alonso, 39 ýaş, “Alpine”, 6,55 million funt sterling

8. Waltteri Bottas, 31 ýaş, “Mercedes”, 5,82 million funt sterling

9. Serhio Peres, 31 ýaş, “Red Bull”, 4,37 million funt sterling

10. Kimi Raýkkonen, 41 ýaş, “Alfa Romeo”, 3,64 million funt sterling

The post “Formula 1”-iň sürüjileri näçe gazanýarlar? appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Formula-1-iň şu möwsümde iň köp jerime alan sürüjisi belli boldy
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Formula 1-iň sürüjileri näçe gazanýarlar?
F1-iň täze möwsümi başlaýar
Independent Formula-1-da iň ýokary aýlykly sürüjileri mälim etdi