“Aston Martiniň” germaniýaly sürüjisi Sebastýan Fettel “Formula-1-iň” şu möwsüminde dürli düzgün bozmalar üçin has köp jerime töledi. Bu barada ýaryşyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria habar berýär.
Fettel çempionatyň 13 tapgyrynda düzgün bozmalar üçin 35,9 müň ýewro töledi.Oňa Awstriýanyň Gran-prisi wagtynda geçirilen sürüjileriň brifinginden ir gidendigi üçin 25 müň ýewro möçberinde jerime salyndy. Şeýle-de, Fettel Awstraliýanyň Gran-prisinde Melburnda boksa skuterde howply gaýdyp gelendigi üçin ýene 5 müň ýewro töledi.
Jerimäniň mukdary boýunça ikinji orunda “Ferrariniň” ispaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Karlos Saýns gelýär, ol jemi 25 müň ýewro töledi. Üçünji orunda meksikaly Serhio Peres ýerleşýär. “Red Bulluň” sürüjisi 10,6 müň ýewro möçberinde jerime töledi. Ýedi gezek dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton 10 müň ýewro töledi.
Häzirki dünýä çempiony niderlandiýaly Maks Ferstappene, Şarl Leklere (Monako, “Ferrari”), Daniel Rikkýardo (Awstraliýa, “Maklaren”), Çžou Guanýuýa hem (Hytaý, “Alfa Romeo”) şol mukdarda jerime salyndy.Iýul aýynda Fettel möwsümiň ahyrynda “Formula-1-den” gidýändigini habar berdi.