Formula 1-iň 70-nji möwsümi

Dünýäniň iň köp tomaşa edilýän awtomobil bäsleşikleriniň biri bolan Formula 1 ýaryşlarynyň täze möwsümine, 70-nji ýubileý möwsümine ertir Awstraliýada badalga berler.Täze möwsümde 21 ýaryş bolup, ol adatça bolşy ýaly, noýabryň ahyrynda Abu Dabi “Gran Prisi” bilen jemlener. 10 topar ýaryşa gatnaşyp, 14 ýurtdan 20 sürüji çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp barar.

Toparlardan “Force India” topary bu ýyldan başlap, F1-e gatnaşmaz. “Sauber” topary bolsa, “Alfa Romeo” topary diýen at bilen çykyş eder.Britaniýaly Jorj Rassel (Williams”) bilen Lando Norris (“McLaren”) hem-de tailandly Aleksander Albon (“Toro Rosso”) dagy F1-iň täze sürüjileri bolarlar. Çempionlygyň esasy dalaşgärleri hökmünde-de soňky çempiony “Mercedes”-iň iňlis sürüjisi Lewis Hamilton, ulaglaryny has-da güýçlendiren “Ferrari” toparynyň nemes sürüjisi Sebastian Wettel hasaplanýar. “Ferrariden” gaýdyp, 34 ýyldan soň, F1-e dolanan “Alfa Romeo” toparynyň hataryna goşulan 39 ýaşly Kimi Raikkonen, şeýle-de awstraliýaly Daniel Rikkiardo (“Renault”), gollandiýaly Maks Werstappen (“Red Bull”), Hamiltonyň finlýandiýaly topardaşy Waltteri Bottas dagy hem beýleki dalaşgärler diýlip görkezilýär. 2011-nji ýyldaky awariýadan soň F1 bilen hoşlaşan polşaly Robert Kubisa hem täzeden Formula 1-e dolandy. 34 ýaşyndaky sürüji “Williams” toparynda çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Formula ― 1: Azerbaýjanda iň ýyndam Ferstappen boldy
Karlos Saýns Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Rassell indiki möwsümde “Mersedesde” Hemiltonyň topardaşy bolar
Waltteri Bottas Alfa Romeo bilen köpýyllyk şertnama baglaşdy
F1-iň täze möwsümi başlaýar
Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?!