Formula-1 boýunça Belgiýanyň Gran-prisi Ferstappeniň ýeňşi bilen tamamlandy

Formula-1 boýunça Belgiýanyň Gran-prisi Ferstappeniň ýeňşi bilen tamamlandy

28-nji awgustda Formula-1 boýunça Belgiýanyň Gran-prisi geçirildi. Ýaryş Red Bulluň sürüjisi Maks Ferstappeniň ýeňşi bilen tamamlandy. Onuň badalga çyzygyndan 13-nji bolup ugrandygyny bellemek gerek. Ferstappeniň topardaşy Serhio Peres ikinji orny alan bolsa, pellehanany üçünji bolup Ferrariniň piloty Karlos Saýns kesip geçdi.

Ýaryşda Fernando Alonso bilen çaknyşan Lýuis Hemiltonyň hatardan çykandygyny hem aýratyn bellemek gerek.

Belgiýanyň Gran-prisinden soňra şahsy hasapda 284 utuk bilen Maks Ferstappen liderlik edýär. Ikinji orun 191 utuk toplan ýene bir Red Bulluň sürüjisi Serhio Perese degişli. Güýçli üçlügi bolsa 186 utugy bolan Ferrariniň sürüjisi Şarl Lekler jemleýär.

Konstruktorlaryň arasyndaky bäsleşikde Red Bull 475 utuk bilen kerwenbaşylygy ynamly ýagdaýda özünde saklaýar. Ikinji orundaky Ferraride 357, üçünji ýerdäki Mersedesde bolsa 316 utuk bar.

Ýene degişli makalalar

Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Ferstappen möwsümi ýeňiş bilen tamamlady
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
Ferstappen ikinji gezek dünýä çempiony boldy