Forest Uitakere Kann kinofestiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasy” gowşurylar

“Oskar” kino baýragynyň eýesi Forest Uitaker (“Şotlandiýanyň soňky koroly” (Последний король Шотландии) kinodaky işinde gazanan üstünlikleri üçin Kann kinofestiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasy” baýragyny alar, bu barada festiwalyň guramaçylyk edarasy habar berdi diýip, “film.ru” saýty ýazýar.

Dabara 17-nji maýda festiwalyň açylyşynda bolup geçer. Öň bu hormat baýragyna aktýorlar Klint Istwud, Wudi Allen, Jodi Foster, Jeýn Fonda we başgalar mynasyp bolupdy. 1988-nji ýylda

Uitaker Kannda “Guş” (Птица) filmi üçin iň oňat erkek keşbi ugry boýunça baýragyny aldy.

Aktýor şeýle-de “Köpek-salgym: samuraýyň ýoly” (Пёс-призрак: путь самурая), “Gorky otagy” (Комната страха), “Ertiriň haýyrly, Wýetnam” (Доброе утро, Вьетнам) ýaly filmlerdäki keşpleri bilen bellidir.

Kann halkara kinofestiwaly 17-28-nji maýda geçer, esasy bäsleşigiň eminler toparyna fransuz aktýory Wensan Lindon ýolbaşçylyk eder.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen raýatlary üçin hereket azatlygyny talap edýärler
Daluw kompaniýasy Fondital brendiniň tygşytly we täsirli ýyladyş hem-de suw ýyladyjy ulgamlaryny hödürleýär
Türkiye möhleti geçen pasportly türkmen raýatlaryna ýaşamak üçin rugsatnama berip başlady
“Fondital” kompaniýasy ýokary hilli ýyladyş enjamlary hödürleýär
Türkiýe türkmen raýatlary üçin migrasiýa talaplaryny hasam güýçlendirýär
Türkiýede türkmen jemgyýetçilik guramasy hasaba alyndy