Ford Motor Co. amerikan awtoöndürijisi 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde awtonom dolandyryş tehnologiýasyny işläp düzüji Argo Al startapynyň ýapylmagy bilen baglanyşykly hasapdan uly mukdaryň aýrylmagy sebäpli arassa ýitgi çekdi. Bu barada interfax.ru belleýär.
Kompaniýanyň habarynda iýul sentýabr aýlarynda onuň arassa ýitgisiniň geçen ýylyň degişli döwründäki $1,832 mlrd ýa-da paý üçin 45 sent arassa girdeji bilen deňeşdirilende, $827 mln ýa-da paý üçin 21 sent bolandygy aýdylýar.
Kompaniýa kärhananyň girdejisizligine esaslanyp, Argo startapyna maýa goýumyny bes edýändigini habar berdi.Kompaniýa maýa goýmakdan ikinji uly maýadar Volkswagen AG hem ýüz öwürdi.Netijede, Argo biznesi ýapmak kararyna geldi. Şu sebäpli geçen çärýek Ford-yň çykdaja geçirmeleri $2,7 mlrd boldy. Şol bir wagtyň özünde, girdeji 35,68 mlrd dollardan 39,39 mlrd dollara çenli ýokarlandy.
Hünärmenler girdejini 37,46 mlrd dollar derejesinde çaklapdylar.Ford şu ýyl EBIT-iň 11,5 mlrd dollar derejesinde bolmagyny çaklaýar.Kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy ýylyň başyndan bäri 38,3% peseldi.