“Forbes”: Russiýanyň iň baý zenanlarynyň sanawy

“Forbes”-iň täze maglumatynda Russiýanyň iň baý zenanlarynyň sanawynyň başyny dördüsi çekip, oňa gatnaşyjylaryň jemlenen baýlygy ýylyň dowamynda 10,7 milliard dollardan 25,3 milliard dollara çenli artypdyr.

Täze saýlanan liderleriň arasynda birinji orny “Wildberries” internet dükanynyň eýesi Tatýana Bakalçuk eýeläp, onuň baýlygy 13 milliard dollara deňdir.

Ikinji orunda “Inteco Management” kompaniýasynyň başlygy Ýelena Baturina gelip, onuň baýlygynyň 1,3 milliard dollara deňdigi habar berilýär.

Sanawda üçünji orny “Çerkizowo” işewür toparynyň başlygy Lidiýa Mihaýlowa we onuň maşgalasy eýeläp, baýlygy 1,3 milliard dollara deňdir.

Dördünji orny “Lukoýl” nebit kompaniýasynyň we “Spartak” futbol klubynyň eýeleriniň biri Ýekaterina Fedun eýeläp, baýlygy 900 million million dollara deňdigi habar berilýär.

Sanaw düzülende, “Forbes” gatnaşyjylara degişli emläkleri, kompaniýalarynyň gozgalmaýan emläklerini we beýleki ýagdaýlaryny nazara aldy.

Ýene degişli makalalar

“Forbes” russiýaly baý işewür zenanlaryň sanawyny çap etdi
Aşgabatda Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary atly halkara maslahat geçiriler
Berdimuhamedow Lukoýl açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “LUKOÝL” AÇYK PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Lukoýlyň başlygy bilen duşuşyk: Hazaryň türkmen kenaryna gyzyklanma barha artýar
“Lukoýl” kompaniýasy “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmaga isleg bildirýär