“Forbes” žurnalynyň hasaplamalaryna görä, Russiýadaky iri “Wildberries” internet dükanynyň eýeleriniň biri Tatýana Bakalçugyň girdejisi 1200 göterim artyp, 13 milliard amerikan dollaryna deň boldy, netijede ol 2021-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky ýagdaý boýunça iň baý rus işewür zenanlarynyň sanawyny çekdi.
Neşir Bakalçugy dünýä milliarderleriniň arasynda girdejisiniň artyşy boýunça ikinji orna çykardy.
Sanawda ikinji orny Moskwa şäheriniň öňki häkiminiň aýaly Ýelena Baturina 1,3 milliard dollarlyk maýasy bilen eýeledi. Neşir onuň häzir ABŞ-da we Ýewropada işewürligini ýola goýýandygyny, taslamalara maýa goýmak bilen baýlygyny yzygider artdyrýandygyny belleýär, Baturina şeýle hem onuň sport binalary üçin membrana gurnamalaryny öndüriji “Hightex” nemes kompaniýasynyň hem paýdarydygyny ýazýar.
Sanawda üçünji orny “Çerkizowo” işewürlik toparynyň eýeleriniň biri Lidiýa Mihaýlowa (1,3 milliard dollar), dördünji orny “Lukoýl” nebit kompaniýasynyň we “Spartak” futbol klubynyň eýeleriniň biri bolan Leonid Fedunyň gyzy Ýekaterina Fedun (900 million dollar) we bäşinji orny “Swetofor” dükanlar setiniň eýesi Waleriýa Şnaýder (650 million amerikan dollary) eýeleýär. “Forbes” žurnaly Şnaýderiň öz işewürligine Krasnoýarsk şäherinde ilkinji azyk dükanyny açmakdan başlap, tizara ýurduň sebitlerinde meşhurlyk gazanan azyk dükanlary toplumynyň eýesi bolmagy başarandygyny belleýär.