Bilermenler Günbataryň iri energiýa kompaniýalarynyň Russiýanyň bazaryndan gitmek bilen näderejede ýitgi çekjekdiklerini hasapladylar diýlip, “Forbes” işewürlik neşirinde çap edilen makalada aýdylýar.
Olaryň çaklamalaryna görä, britanlaryň BP nebitgaz kompaniýasynyň ýitgisi 25 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Britaniýa we Niderlandlar tarapyndan bilelikde dolandyrylýan Shell kompaniýasy 5 milliard $, amerikanlaryň ExxonMobil nebit kompaniýasy bolsa 4 milliard $ ýitirer.
Bu barada MIR24 habar berýär.