Forbes iň ýaş milliarderleriň gazançlaryny mälim etdi

Forbes iň ýaş milliarderleriň gazançlaryny mälim etdi

Forbes žurnaly 2022-nji ýylda iň ýaş milliarderleriň gazançlaryny mälim etdi. Olaryň umumy baýlygy 25,8 mlrd dollara ýetdi. Bu barada lenta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

30 ýaşdan kiçi milliarderleriň reýtinginde 12 adam bolup, olardan dördüsi özbaşdak gazanç eden täze milliarderlerdir. Şeýlelikde, sanawda birinji orny Sem Benkman-Frid bilen bilelikde FTX kriptowalýuta biržasyny esaslandyran 29 ýaşly amerikaly Geri Wan ($5,9 mlrd) eýeledi. Bu birža 2019-njy ýyldan bäri işleýär, onuň her günde tranzaksiýa göwrümi 15 mlrd dollara ýetip bilýär.

Ikinji orunda Bolt onlaýn tölegi üçin serwis döretmek maksady bilen Stenford uniwersitetini terk eden 27 ýaşly Raýan Breslou ýerleşdi.Onuň baýlygy 2 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Üçünji orunda her biri 1,5 mlrd dollara eýe bolan Pedro Françeski hem-de Enrike Duburgas bar.

Olar häzirki wagtda 12,3 mlrd dollar bilen bahalandyrylýan Brex kredit kartoçkasyny çykarmak boýunça kompaniýany işe girizdiler.

12 milliarderden bäşisi öz emlägini miras aldy, ýedisi özbaşdak biznesi ösdürdiler. 30 ýaşdan kiçi milliarderleriň geçen ýylky reýtinginde 10 adam bardy, ýöne olaryň umumy baýlygy 2022-nji ýyldaky toparyň baýlygyndan 3,7 mlrd dollar köpdi. “Forbesiň” dünýäniň iň baý adamlarynyň umumy sanawynda ilkinji gezek Tesla we SpaceX kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask birinji orny eýeledi. 11-nji marta çenli onuň baýlygy 219 mlrd dollar boldy.

Ýene degişli makalalar

Forbes-iň täze sanawy
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Ilon Mask bir günde 16 milliard dollaryny ýitirdi
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär