Forbes iň baý Youtube-blogerlerini belli etdi

Forbes iň baý Youtube-blogerlerini belli etdi

Forbes žurnaly 2021-nji ýylyň jemleri boýunça YouTube wideo-hyzmatynda iň köp töleg gazanýan kontent öndürijileriň sanawyny neşir etdi. Sanawda birinji orny platformada MrBeast lakamy bilen meşhur bolan 23 ýaşly Jimmi Donaldson eýeledi. Onuň girdejisi geçen ýylda 54 million dollara barabar boldy diýip, bbc.com habar berdi.

MrBeast-iň wideorolikleri YouTube-de 10 mlrd-dan gowrak tomaşa gazandy. Forbes-iň bellemegine görä, ol özüni üstünlikli işewür hökmünde hem görkezmegi başardy. Ol öz brendi astynda ABŞ-nyň 1600 restoranyndan burger sargyt etmäge mümkinçilik berýän mobil telefon programmasyny döretdi.

Ýutubçylaryň reýtinginde ikinji orunda — aktýor, boksçy we bloger Jeýk Pol ýerleşdi, onuň girdejisi 45 mln dollar.

Russiýaly ýedi ýaşly Nastýa Radzinskaýa sanawda altynjy boldy, onuň 90 million abunaçysy bar. 2021-nji ýylda ol 28 million dollar gazandy.Nastýanyň ata-enesiniň aýtmagyna görä, olar gyzyny çaga selebral paraliçi keselinden bejerenlerinden soň YouTube ýaýlymyny döredipdirler.

Olaryň aýtmagyna görä, kamera bilen işlemek arkaly gyzjagaz daşky gurşawy bilen gatnaşyga girmegi öwrenipdir we aktýorçylyk başarnyklaryny ösdüripdir.Nastýa öz YouTube ýaýlymyny iňlis dilinde ýöredýär.

Geçen iki ýylyň liderleriniň biri — 10 ýaşly amerikaly Raýan Kadzi ýedinji orna düşdi. "Ryan's World" atly ýaýlymynda ol çagalar üçin oýnawaçlara syn bermek bilen meşgullanýar. Forbes-iň hasaplamalaryna görä, YouTube-da iň köp töleg gazanýan awtorlarynyň 10-lygy umumylykda bir ýylda 300 mln dollar gazanypdyr.

Ýene degişli makalalar

"Aşgabatda üýtgeşikligiň boljagyna umyt edýärin, ýöne munuň üçin olar çagyryşlaryň hötdesinden gelmeli" - Edward Lemon
Konstitusiýadaky kanundan başlap, doly gadagançylyga çenli. Dünýäde aborta bolan mümkinçilikde nämeler ýüze çykýar?
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyna heläkçilikli suw joşmalary zerarly gynanç bildirdi
“Real Madrid” topary silden ejir çekenlere pul kömegini berer
Kastamonu Azdawaý egin-eşigi
“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi