Fon der Lýaýen ikinji möhlete saýlandy

18-nji iýulda Ýewropa Parlamenti Strasburgda geçirilen umumy mejlisinde Ursula fon der Lýaýeni ikinji bäş ýyllyk möhlet bilen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlady. Ses berişlikde Ýewropa Parlamentiniň 720 agzasynyň 401-si fon der Lýaýeniň dalaşgärligine ses berdi. 284 deputat garşy çykdy. Fon der Lýaýen 2019-njy ýylyň dekabryndan bäri Ýewropa Komissiýasyna ýolbaşçylyk edip gelýär.

Ses berişlikden soňra, fon der Lýaýen Ýewropa Parlamentinde çykyş edip, geljek bäş ýyl üçin öz işiniň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.Ol 2050-nji ýyla çenli Ýewropany klimatyň bitarap yklymyna öwürmek üçin niýetlenen ilkinji möhletiniň esasy maksatnamasy bolan “Ýewropa üçin ýaşyl şertnamany” durmuşa geçirmegi dowam etdirjekdigini aýtdy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy howa goýberilýän zyýanly gazlary 90 göterime çenli azaltmagy wada berdi. 2040-njy ýyla çenli infrastruktura we senagata, esasan hem, energiýa sarp edýän pudaklara ep-esli maýa goýumlarynyň goýberiljekdigini belledi.

-Bu ýagdaý arassa polatdan tä arassa tehnologiýa çenli hemme zatda öňdebaryjy bazarlary döretmäge kömek eder – diýip, fon der Lýaýen aýtdy. Onuň howa baradaky borçnamalary, “ýaşyl” fraksiýanyň wekilleriniň aýgytly goldawyna eýe boldy. Mundan başga-da, Ursula fon der Lýaýen howpsuzlyga we goranyşa maýa goýmagyň zerurdygyny öňe sürdi.

-Biziň goranyş ulgamyna çykdajylarymyz juda az. Munuň tersine daşary syýasata çykdajylarymyz juda ýokary. Şonuň üçin biz ýeke-täk goranyş bazaryny döretmeli. Biz ýokary tehnologiýaly goranyş mümkinçiliklerine has köp maýa goýmalydyrys diýip, ol belledi.

Ýakyn günlerde Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ýewropa Bileleşigine agza 27 döwletiň döwlet we hökümet Baştutanlaryna resmi hatlar iberip, olary Ýewropa Komissarlarynyň wezipelerine dalaşgärlerini hödürlemäge çagyrar. Ýewropa Komissiýasynyň täze düzümi döredilenden soň, güýzde dalaşgärler barada diňlenişikler we olaryň tassyklanmagyna ses berişlik geçiriler. Dalaşgärler makullansa Ýewropanyň 27 komissary wezipesine girişerler.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeni kabul etdi
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýewropa Komissiýasynyň täze düzümi tassyklandy
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Putin Bombalamagy Bes Etsin, Ýaraşyk Gepleşikleri Başlasyn