Flydubai türkmen uçarmanlary üçin okuwlary geçirer

Flydubai türkmen uçarmanlary üçin okuwlary geçirer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Dubai Aviation Corporation kompaniýasynyň arasynda uçarmanlary taýýarlamak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenhowaýollary agentligi habar berýär.

Ähtnama laýyklykda, taraplar Flydubai ygtyýarnama merkezinde uçarmanlar üçin okuw hyzmatlaryny bermek mümkinçiligine garamakçy. Okuw Boeing 737 kysymly uçarda geçiriler.

Türkmenhowaýollary agentligi Boeing 737 kysmly uçarlary üçin uçarmanlary taýýarlamak boýunça degişli tarap bilen uzakmöhletli işleşmek isleýär.

Flydubai Ýakyn Gündogardaky iň uly awiakompaniýalaryň biridir. Kompaniýanyň ýokary derejeli uçarmanlary ýetişdirmekde hem baý tejribesi bar. Munuň üçin onuň binýady döwrebap okuw merkezleri bilen üpjün edilendir.

Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda raýat awiasiýasy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädimdir.

Ýene degişli makalalar

90 uçar satyn alar
Halkara awiasiýa sergisi
Halkara üstaşyr ulag ulgamlaryna bagyşlanan maslahat we sergi
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi
TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler
Dubaýda rekord agramdaky guýma altyn taýýarlandy