
Ştab-kwartirasy Dubaý şäherinde ýerleşýän Birleşen Arap Emirlikleriniň Flydubai döwlet awiakompaniýasy pandemiýa başlaly bäri ilkinji gezek Aşgabat şäherine göni yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirip başlar. Flydubai-iň resmi saýtynda 30-njy oktýabrdan petekleriň satuwy açyldy.
Petekleri iki tarapa hem satyn alyp bolar. Bir taraplaýyn iň arzan petegiň bahasy, mysal üçin, 3-nji noýabr üçin ABŞ-nyň 363 dollaryna deň. Uçuşlar Flydubai web sahypasyndaky tertip boýunça hepdede birnäçe gezek - sişenbe, penşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.