Aşgabat şäherindäki “Berkarar” söwda dynç-alyş merkezinde ýerleşýän Türkiýäniň FLO kompaniýasynyň Türkmenistandaky dükany müşderiler üçin öňünden töleg tölemezden 6 aý garaşaryna hiç hili göterimsiz ýeňillikli teklibi hödürleýär.
Türkiýäniň FLO kompaniýasynyň Türkmenistandaky dükanynyň dolandyryjysynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna görä, bu teklip 23-nji awgustdan başlap, 31-nji awgusta çenli dowam edýär.
“Kinetix”, “U.S. Polo Assn.”, “Polaris”, “Lumberjack”, “Lotto”, “Torex”, “Nine West”, “INCI”, “Puma” ýaly dünýä belli markalaryň aýakgaplary satylýan bu dükanda häzirki wagtda bellenen harytlar üçin “1 haryt alana 1 haryt mugt” teklibi dowam edýär.
Erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen belli markalaryň aýakgaplary, egin-eşikleri, aksessuarlary bolan Aşgabatdaky FLO dükany bellenen harytlaryny 200 manat möçberinde müşderilere hödürleýär.
FLO dükanynyň harytlaryny “Asmanexpress” online platformasynyň “Asmanshop” bölüminde satyn almak mümkinçiligi hem bardyr. Bu online platformada FLO dükanynyň harytlaryny satyn alan müşderilere 5 göterim cash back we 90 minudyň dowamynda mugt eltip bermek hyzmaty garaşýar.
Mundan başga-da, “Mavi”, “Koton”, “Koton kids”, “Avva” “Ramsey”, “Altınyıldız Classics”, “LC Waikiki” ýaly belli brendleriň Aşgabatdaky dükanlaryndan 1500 manat möçberinde haryt satyn alan müşderilere şol günüň dowamynda FLO dükanynda söwda etmek üçin kupon sowgat berilýär.
Türkiýäniň FLO kompaniýasynyň Aşgabatdaky dükanynyň salgysy:
Aşgabat şäheri, “Berkarar” söwda dynç-alyş merkeziniň aşaky gaty
Habarlaşmak üçin telefon belgi:
+993 64 76-89-08
Instagram: flo__turkmenistan