Flik nemes futbolunyň taryhynda milli ýygyndynyň baş tälimçiliginden kowlan ilkinji hünärmen boldy

Flik nemes futbolunyň taryhynda milli ýygyndynyň baş tälimçiliginden kowlan ilkinji hünärmen boldy

Germaniýanyň Futbol bileleşigi ýoldaşlyk oýnunda Ýaponiýadan uly hasapda (4:1) ýeňlişe sezewar bolan Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Hans-Diter Fliki wezipesinden boşatdy. 58 ýaşly hünärmeniň işden boşadylmagyna Germaniýanyň milli ýygyndysynyň soňky bäş oýunda dört gezek ýeňlişe sezewar bolandygy esasy sebäp hökmünde görkezilýär. Bu barada Sky Sport Deutschland habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, Hans-Diter Flik nemes futbolunyň taryhynda ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçiliginden kowlan ilkinji hünärmen boldy. Mundan ozal bundestime halypalyk eden hünärmenleriň ählisi ýa şertnamanyň möhletiniň gutarandygy sebäpli, ýa-da öz islegi boýunça topar bilen hoşlaşypdy.

Maglumat üçin, Hans-Diter Flikden öň on sany hünärmen Germaniýanyň milli ýygyndysyna baş tälimçilik edipdi.

Sport neşirleriniň ýazmagyna görä, Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine esasy dalaşgärler Tomas Tuhel hem-de Ýuliýan Nagelsmann hasaplanylýar.

Ýene degişli makalalar

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi
Professor Hans Maýsnerden Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk haty geldi
Aşgabadyň şaýollarynyň birine professor Hans Maýsneriň ady dakyldy
Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly bina açyldy