Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi

8-nji oktýabrda Jon Hopfild we Jeffri Hinton nerw ulgamlarynyň üstündäki işleri üçin fizika boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldular.Bu baýrak ýakyn günlerde yglan ediljek alty sany Nobel baýragynyň ikinjisidir.

Jon Hopfild we Jeffri Hinton “Emeli nerw ulgamlaryny ulanyp, çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýän düýpli açyşlar we oýlap tapyşlar üçin” 2024-nji ýylyň fizika boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldular.

Şu gün Stokgolmda Şwesiýanyň Korollyk ylymlar akademiýasynyň baş sekretary Hans Ellegren tarapyndan baýrak eýeleriniň atlary mälim edildi. Hopfild ABŞ-nyň Prinston uniwersitetiniň, Hinton bolsa, Kanadanyň Toronto uniwersitetiniň hünärmeni.

Geçen ýyl fizika boýunça baýraga Ogaýo döwlet uniwersitetinden (ABŞ) Pýer Agostini, Maks Plank adyndaky kwant optika institutyndan (Germaniýa) Ferens Krauş we Lund uniwersitetinden (Şwesiýa) Anne L’Ýulýe mynasyp boldular.

7-nji oktýabrda lukmançylyk boýunça Nobel baýragy amerikaly Wiktor Ambrose we Geri Rawkana “gen işjeňligini kadalaşdyrmagyň esasy ýörelgesini” açanlygy mikro RNK we genleriň ornuny tapandyklary üçin berildi.

Himiýa, ykdysadyýet, edebiýat we parahatçylyk ugurlarynda gazanylan üstünlikler üçin berilmeli indiki baýraklar hepdäniň dowamynda yglan ediler. Dekabr aýynda Şwesiýada geçiriljek baýrak gowşurylyş dabarasynda Nobel baýragynyň eýeleri baýraklar bilen sylaglanarlar.

Ýene degişli makalalar

Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen üç alym sylaglandy
ABŞ-ly alymlar lukmançylyk we fiziologiýa boýunça Nobel baýragyny aldylar
Bedenimizi bölüşýän, bize degişli bolmadyk trillionlarça öýjükler
ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda Saýlaw Ýene-de Netijesiz Boldy
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi
Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýär