Fizika boýunça Nobel baýragy alymlar toparyna fransiýaly Alen Aspe, amerikaly Jon Klauzere we awstriýaly Anton Saýlingere berildi. Bu barada Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti habar berdi diýip, TASS belleýär.
Alymlar şol bir ulgamyň düzümine girýän bölejikleriň hatda birnäçe kilometr aralykda-da biri-biriniň ýagdaýynyň üýtgemelerini duýmagy dowam etdirýändigini görkezýän “kwant bulaşyklygy” effektini beýan etdiler.Baýrak bulaşyk protonlar bilen geçirilen tejribeler, Belliň deňsizliginiň bozulmagynyň ýüze çykarylyşy (Belliň teoremasy kwant-mehaniki teoriýasynda kwant bölejikleriniň islendik fiziki häsiýetine täsir edýän käbir gizlin parametrleriň hakyky barlygyna garamazdan, tapgyrlaýyn tejribäni geçirip boljakdygyny görkezýär.
Onuň statistiki netijeleri kwant-mehaniki teoriýasynda gizlin parametrleriň bardygyny tassyklar ýa-da ret eder) we kwant informatikasy boýunça täzeçillik üçin berildi.Alymlar iki bölejigiň biri-birinden aýrylanda-da bir bitewi ýaly hereket edýän bulaşyk kwant ýagdaýlaryny ulanyp, täzeçe tejribe geçirdiler.
Olaryň netijeleri kwant informatikasyna esaslanýan täze tehnologiýalara ýol açdy.Alen Aspe 1947-nji ýylda Fransiýada doguldy.Aspe ýeke fotonlaryň, foton jübütleriniň we atomlaryň kwant we mehaniki özüni alyp barşynyň esasy taraplaryny düşündirip bilendigi bilen bellidir.
Ol kwant dünýäsine düşünmäge uly goşant goşdy.Jon Klauzer 1942-nji ýylda Los-Anjelesiň etegindäki Pasadina şäherinde dünýä indi. 2010-njy ýylda Klauzer Aspe we Saýlinger bilen bilelikde Wolf baýragyna mynasyp boldy.
Anton Saýlinger 1945-nji ýylda Awstriýanyň Rid-im-Innkraýs şäherinde dünýä indi. Özüniň ylmy işi üçin alym birnäçe abraýly baýraklara mynasyp boldy.Olaryň hatarynda Isaak Nýuton medaly (2008), “Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni (2009) we beýlekiler bar.