“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”

“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen paýtagt Ankara gelen Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksander Stubb bilen geçirlen özara we toparara duşuşyklardan soň metbugata beýannama berdi.

Finlýandiýa bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100-njy ýylynda Prezident Stubby myhman almakdan hoşaldyklaryny aýdan Erdogan, Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna berýän goldawyny artdyrmak bilen dowam etmegine garaşýandyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan “Finlýandiýada ýaşaýan raýatlarymyz we tatar jemgyýeti özara gatnaşyklarymyzyň pugtalanmagynda uly rol oýnaýar. Özara gatnaşyklarymyzyň we NATO-nyň çägindäki hyzmatdaşlygymyzyň güýçlenmek bilen dowam etjekdigine doly ynanýaryn” diýdi.

Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarynyň hemişekisinden has güýçlidigini aýdan myhman prezident bolsa “Türkiýe hakykatdan hem Günbatar bilen Gündogaryň arasynda köprü wezipesini ýerine ýetirýär. Köp merkezli dünýäde Türkiýäniň roly gün saýyn artýar” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Russiýa Bilen Söweşde Iň Agyr Gyşyny Başdan Geçirip Biler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Finlýandiýanyň täze Prezidenti saýlandy
Türkmenistanyň ilçisi Finlýandiýanyň Prezidentiniň inaugurasiýasyna gatnaşdy
Erdogan Bilen Rutte Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Dünýäniň iň rahat ýurdy