Finlýandiýanyň täze Premýer-ministri

Finlýandiýanyň Parlamenti merkezi sagçy, konserwatiw syýasatçy, Milli koalisiýa partiýasynyň ýolbaşçysy Petteri Orpony ýurduň täze Premýer-ministri wezipesine saýlady. Birnäçe hepde dowam eden dartgynly gepleşiklerden soň, Petteri Orponyň dalaşgärligi 107 deputat tarapyndan makullanyp, 81-si tarapyndan garşy ses berildi.

Täze bileleşigiň düzüminde Milli koalisiýa partiýasyndan başga-da, “Hakyky finler” partiýasy, Şwed halk partiýasy we merkezi sagçy hristian demokratlar bar. Petteri Orpo Premýer-ministr hökmünde sosial-demokrat Sanna Mariniň ornuny tutar. Orpo ses berlişikden soň deputatlara ýüzlenip:

Maňa bildiren ynamyňyz üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn diýdi.

Täze hökümet koalisiýasy immigrasiýa syýasatyny berkitmek baradaky meýilnamalaryny mälim etdi. Gürrüň bu ýerde, esasan, bosgunlary kabul etmek üçin kwotalary azaltmak we iş wizasyny almak üçin çäklendirmeleri ýokarlandyrmak meýilnamalary barada barýar.

Özüni býujet babatda konserwatory diýip atlandyrýan Orpo, saýlaw kampaniýasynda döwlet býujetindäki ýetmezçiligi azaltmak we ykdysadyýetiň hususy pudagyny güýçlendirmek baradaky wada beripdi. Şeýle hem, ol sosial üpjünçilik we zähmet bazary babatynda möhüm özgertmeleri amala aşyrmagy maksat edinip, parlamentiň ygtyýarlygynyň dört ýyllyk möhletiniň ahyryna çenli döwlet býujetini 6 milliard ýewro azaltmagy wada berdi.

Petteri Orponyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümetiň ýakyn wagtda işe başlajakdygy habar berilýär. Elina Waltonen ýurduň daşary işler ministrliginiň başlygy wezipesine saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Han Kang Nobel Edebiýat Baýragyny Aldy
Önümçilik hem arassa bolar
Elektromobil önümçiligi giňeldiler
Bäsdeşlerinden ozdurar
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Şwed kompaniýasynyň täze sanawy