Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksandr Stubb Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Ankara geldi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen ýazmaça beýannama görä, myhman Prezident Stubb, resmi saparynyň çäginde ilki Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähine bardy.
Myhman Prezident soň bolsa TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen Mejlisde duşuşdy.
Numan Kurtulmuş duşuşykda iki ýurduň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam etmegi üçin parlamentarlar diplomatiýasyndan ýerlikli peýdalanmagyň ähmiýetini nygtady.
Finlýandiýanyň Prezidenti Stubb bolsa BMG-da parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin Türkiýe bilen birnäçe ýyldan bäri ýakyndan işleşýändiklerini ýatlatdy.