Finlýandiýada ilkinji awtomatik odun enjamy peýda boldy

Finlýandiýada ilkinji awtomatik odun enjamy peýda boldy

Finlýandiýanyň Oulu şäherinde odun satyn alyp bolýan ilkinji awtomatik söwda enjamy işläp başlady. Bu barada duşenbe güni MTV-3 teleýaýlymyna salgylanyp, TASS habar berdi.

Ideýanyň awtory Walto Waaraniemi bu pikiriň Laplandiýadaky derýalarynyň birinde gaýykda dörändigini aýtdy. Ol dostlary bilen büzmeç gowurmakçy bolanda, şol töwerekden odun tapmandygyny belleýär. "Şonda biz şu ýerde odun awtomaty bolan bolsa, gowy bolardy diýip degişipdik" diýip, Waaraniemi ýatlaýar.

Indi bolsa şeýle enjam eýýäm Oulu şäheriniň çägine degişli bolan Hietasaari adasynda açyldy. Onda bir gujak odunyň bahasy 3,95 ýewro bolup, söwda enjamyna 30 gujak odun ýerleşýär. Odunyň muzduny mobil telefon arkaly töläp bolýar. Munuň üçin ýörite web sahypasyna girip, awtomatyň koduny we e-poçta salgyňyzy girizmeli hem-de töleg usulyny saýlamaly.

Waaranieminiň pikiriçe, beýleki şäherleriň wekilleri eýýäm enjamlary gurnamak bilen gyzyklandylar, emma häzirlikçe enjam synag tapgyryny başdan geçirýär. Ol özüniň döreden enjamynyň hatda dünýäde ilkinji bolup biljekdigini hem belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Belarusuň öňdebaryjy ýokary okuwlary türkmenistanly dalaşgärleri okuwa kabul edip başlady
Guramaçylaryň planyna görä, Aşgabat-2017 oýunlary prezidentiň täze rekordy bilen tamamlanar
06.07.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary
Türkmenistanyň prezidenti agtygy bilen Tatarystana bardy
06.02.2019 | Açyk gapylar we oňyn bitaraplyk syýasaty