Finlýandiýa we Şwesiýa ýurtlaryndaky rus Ilçilerini rus oppozisioneri Alekseý Nawalnynyň tussaghanada ölmegi bilen baglylykda daşary işler ministrligine çagyrdy.
Finlýandiýanyň Daşary işler ministrligi, rus diplomatyny “Nawalnynyň ölüminden Russiýanyň jogapkärdigini we aç-açan derňew işiniň geçirilmegini talap edýändiklerini nygtamak üçin” ministrlige çagyrandyklaryny beýan etdi.
Beýannamada; “Russiýadaky ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagy üçin çagyryşymyzy dowam etdireris” diýilýär.
Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrom bolsa ÝB-niň Nawalnynyň ölümi boýunça işe girişmelidigini beýan etdi.
Billstrom beýannamasynda; “ÝB, Russiýadaky syýasy gysyşa garşy işe girişmeli. Ol, esasanda Nawalnynyň Russiýada tussaghanada ölmeginden soň möhüm” diýdi.
Ministr Billstrom Şwesiýanyň ÝB-niň Russiýa üçin goşmaça sanksiýa ähtimallarynyň öwrenilmegi üçin insiatiwa alandygyny beýan etdi.
Russiýanyň Fedetiw Tussaghana hyzmatlary gullugy Alekseý Nawalnynyň 16-njy fewralda aradan çykandygyny we ölüm sebäbiniň öwreniljekdigini habar beripdi.
Russiýanyň kazyýeti awgust aýynda tussaghanadaky Nawalnyny radikal topar döretmek sebäpli 19 ýyl azatlykdan mahrum edipdi.